Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy ugrundaky bäsleşik
    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy ugrundaky bäsleşik surady
    30/11/-0001

    1224

    Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy ugrundaky bäsleşik

    2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň kubogy ugrundaky ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlary boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Emin agzalarynyň toparyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, «Bir dünýä» hususy kärhanasynyň başlygy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmeni düzdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny we ilkinji nobatda energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen öňe süren başlangyçlaryny giňişleýin öwrenmäge gönükdirildi.

    Toparlar tanyşlyk, soraglara jogap bermek, dürli ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykalga tapmak, prezentasiýa taýýarlamak ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, 1-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary, 3-nji orna bolsa, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen toparlar mynasyp boldular. Ýeňijilere degişli Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Bäsleşik tamamlanandan soň, talyplar hormatly Prezidentimize parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy, şeýle hem dünýä halklarynyň gülläp ösmegini üpjün etmek ugrundaky başlangyçlary we tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


    Ýulduz ASTANOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary

    fakultetiniň I ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI surady

    17/03/2026

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI
    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/03/2026

    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy surady

    13/03/2026

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI