16/02/2024
1164
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT
2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde “Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhy, häzirki döwri we geljegi” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, halypa diplomatlar, institutyň professor-mugallymlary, magistrantlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu baýramçylyk dabarasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, Bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili-Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradowdagy çykyş etdiler.
Baýramçylyk maslahatynyň barşynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtap, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramçylygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan halypa diplomatlara, professor-mugallymlara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Matematiki modelirlemek” dersinden bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji bolan talyplara diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar we ýeňijileri taýýarlan mugallymlara Hormat we Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Nazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.