Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi
    «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy»  atly  breýn-ring bäsleşigi surady
    28/05/2024

    2489

    «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi

    TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY
    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigini geçirmegiň
    DÜZGÜNNAMASY
    Türkmenistanyň daşary söwda syýasatynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we talyplaryň ylym-bilim we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
    I. Bäsleşigiň maksady
    1.1. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň daşary söwda syýasatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmäge, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasyndan halkara ykdysady ýagdaýlary seljermek we daşary-ykdysady işleri meýilleşdirmek boýunça zehinli ýaşlary ýüze ýüze çykarmakdan;
    1.2. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklaryny ýola goýmakdan we talyplary kämilleşdirmekden ybarat.
    II. Bäsleşigiň geçiş tertibi
    2.1. Bäsleşigiň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi çykyş edýärler.
    2.2. Bäsleşigiň soraglary we guramaçylyk işleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň wekillerinden ybarat bolan topar tarapyndan kesgitleniler.
    2.3. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça «Ykdysady diplomatiýa» okuw merkezinde geçiriler.
    2.4. Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 4 sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşar.
    2.5. Breýn-ring bäsleşigi iňlis dilinde sorag-jogap görnüşinde bolar.
    2.6. Bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçiriler. (her soraga 1 minut wagt berilýär).
    2.7. Bäsleşigiň netijeleri emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlener.
    III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
    3.1. Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň eminler topary tarapyndan kesgitlener.
    3.2. Bäsleşiginiň ýeňijileri I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanylar.

    Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň web-saýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilýär.

    Habarlaşmak üçin:
    Telefon belgisi:+993 12 22-69-63

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/84330/asgabatda-turkmenistanyn-bsg-i-bilen-hyzmatdaslygy-temasy-boyunca-talyplaryn-arasynda-breyn-ring-geciriler
    https://ashgabattimes.com/index.php/en/2024/06/moments-from-a-brain-ring-among-students-on-the-topic-of-cooperation-with-the-world-trade-organization-of-turkmenistan-at-the-institute-of-the-international-relations-of-mfa-of-turkmenistan/

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI