Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA!
    TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA! surady
    30/11/-0001

    815

    TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA!

    2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş hem-de Dünýä dilleri kafedralarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
    Şanly sene mynasybetli geçirilen duşuşykda institutyň Halkara hukugy fakultetiniň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň agzalary iňlis we rus dillerinde çykyş etdiler. Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 30 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolandygyny barada gürrüň edildi. Şeýle hem bu döwrüň içinde Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, bu abraýly halkara guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürýändigi barada giňişleýin bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy baradaky maglumatlar boýunça ýörite wiktorina hem geçirildi. Bu bolsa duşuşygyň has hem täsiriniň artmagyna getirdi.
    Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň özara hereketleriniň esasy ugurlary strategiki häsiýete eýe bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy, ol bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen eýýäm iki gezek berkidildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak bilen, Türkmenistan ençeme gezek ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etdi.
    Bu ugurda Aşgabadyň BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýerine öwrülendigi aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan ýurdumyzda BMG-niň ulgamynyň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň platformasyndaky özara hereketleri ýurduň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýandyr. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG-niň birnäçe geňeşlerine, komissiýalaryna we komitetlerine agzalygy bilen şertlendirilendir.
    Türkmenistan BMG-niň abraýly agza-döwleti bolup durýar hem-de Guramanyň maksatlaryna ýetmekde işjeň we netijeli orny eýeleýär, şol sanda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly uly ähmiýetli işleri amala aşyrýar.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI