30/11/-0001
1115
TÜRKMENISTANDA ZENANLARYŇ KANUNY BÄHBITLERI GORALÝAR
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz öz syýasatyny halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýar. Esasanda, ýurdumyz aýallaryň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly ykrar edilen halkara hukuk resminamalaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz: ,,Biz zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler bilen üpjün etmek türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär’’ diýip belläp geçýär.
Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deňliginiň ýörelgesi onuň hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we milli kanunçylykda beýan edilendir. Türkmenistan ýurdumyz bitarap döwletiň halkara-hukuk derejesine eýe bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamany kabul etdi. Şol sanda adam hukuklary we azatlyklary, aýallaryň hukuklarynyň artykmaçlygy barada Konstitusiýada kepillendirilen konseptual kadalary milli kanunçylykda has-da kämilleşdirildi. Muňa mysal hökmünde 2015-nji ýylyň 15-nji awgustynda ,,Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun aýallar barada göni we gytaklaýyn kemsitmeleri gadagan edýär hem-de durmuşyň her bir ulgamynda deňhukuklylygy kepillendirýär. Şeýle hem, kanun gender deňliginiň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
Ýurdumyzda gender deňligine degişli meseleler Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Türkmenistanyň Jenaýat, Raýat, Raýat iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat ýerine ýetiriş kodeksleri, şeýle hem ,,Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, ,,Bilim hakynda”, ,,Adam söwdasyna garşy göreş hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.
Häzirki wagtda gender deňligini saklamak dünýä ýurtlarynyň arasynda esasy mesele hökmünde garalýar. Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Кonsultatiw duşuşygynda hem gender deňligine degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bir söz bilen beýan edende, Türkmenistan zenan hukuklaryny halkara we milli hukuk kadalaryna laýyklykda düzgünleşdirýän hukuk we dünýewi döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiz içeri we daşary syýasatda öz ornuny saklap gelýär.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.