01/07/2022
690
Türkmenistanda ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň giriş sözi bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Çarygeldi Babanyýazowyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Gahryman Rozyýewiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekili Mekan Nazarowyň çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy, institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Süleýman Kulyýew we şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowa çykyş edip, öz tekliplerini öňe sürdiler.
Maslahata gatnaşan institutymyzyň talyp ýaşlary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatynda alyp barýan syýasatyny goldap, özleriniň birnäçe teklipleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzda ýaşlaryň kämil derejede ösüp kemala gelmekleri babatynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyklaryny bildirdiler.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.