550
«Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar»
2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijelerine görä institutymyzyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby Hatyja Döwletnazarowa 2-nji orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Sona Halykowa 3-nji orna mynasyp boldular.
«Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly geçirilen döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Perman AWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi