17/08/2023
1264
«TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (UNESСO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky, Suw hojalygy baradaky, Statistika baradaky, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Hazar deňzi institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, syýasatşynaslar gatnaşdylar.
Maslahat başlanmazdan ozal, myhmanlar aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, umuman, ÝUNESKO-nyň degişli nominasiýalar boýunça sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz görkezildi.
Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky Guramasynyň (OSCE) Türkmenistandaky Merkeziniň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Rune Kastberg, Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni Maýagözel Ataýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Sin Tsýuý, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Hömetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabin, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Çžan dagylar çykyş etdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda üstünlikli dowam etdirilmeginiň halkara ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe galkynyp, täze derejä çykarylmagy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyşlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edilen gününden bäri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça 1999-njy ýylda Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheriniň, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalarynyň goşulmagy, şeýle-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty», 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Türkmen keşdeçilik sungaty» ýaly ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşulan maddy däl gymmatlyklarymyz, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen ÝUNESKO kafedralarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm ugry» ady bilen döredilen ÝUNESKO-nyň klublarynyň işi hem-de ýaşlaryň arasynda döredijilik gözleglerini höweslendirmekde, olaryň ýurduň medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary baradaky bilimlerini kämilleşdirmekdäki ähmiýeti barada buýsanç bilen giňişleýin aýdyldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistan – ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
https://turkmenportal.com/tm/photoreport/65897/v-ashhabade-sostoyalos-torzhestvo-po-sluchayu-30letiya-turkmenistana-v-yunesko
https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/1532
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/74767/turkmenistan-yunesko-abadancylygyn-bahbidine-hyzmatdaslyk-sanly-sene-mynasybetli-dabaraly-maslahat
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/74767/turkmenistan-yunesko-abadancylygyn-bahbidine-hyzmatdaslyk-sanly-sene-mynasybetli-dabaraly-maslahat
https://tmcars.info/tm/post/3058801882/asgabatda-turkmenistanyn-yunesko-kabul-edilmeginin-30-yyllygyna-bagyslanan-maslahat-gecirildi?ISCI=060902