Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat
    06/07/2023

    2264

    Türkmenistan – Yslam ösüş banky: hyzmatdaşlygyň hormatyna berlen sowgat

    2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam ösüş banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Dabaranyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň gatnaşmaklarynda gurnalan Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyna bagyşlanan serginiň işine syn etdiler.
    Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen gatnaşyklarynyň taryhy we häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary, hususan-da, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň gurluşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde Yslam ösüş bankynyň aýratyn ähmiýeti dogrusynda bellediler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan kitabyň sowgat berilmegi bilen gutladylar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

    Mährijemal MÄMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/1081

    https://turkmenportal.com/tm/blog/64154

    https://tmcars.info/tm/post/3004040446/yslam-osus-bankynyn-prezidentinin-gurbanguly-berdimuhamedowa-sowgat-beren-kitaby-tanysdyryldy?ISCI=010902

    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73847/yslam-osus-banky-we-doktor-ahmad-mohammad-ali-institutyn-taryhy-we-onun-prezidentinin-yoly-atly-kitabyn-tanysdyrylys-dabarasy-gecirildi

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI