595
Türkmenistan bilen Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky duşuşyk
2021-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň N. P. Ogarýow adyndaky milli barlag Mordowa döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor- mugallymlarynyň, iki ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk we talyplar üçin okuw sapagy geçirildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşykda iki döwletiň ylym-bilim edaralarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar we olaryň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda “Parahatçylyk medeniýeti” we “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy” temalary boýunça okuw sapaklary gurnaldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny, parahatçylygy ýola goýmagyň we özara ynamy berkitmegiň esasy daýanjyna öwrülendigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen Bitaraplygynyň sebitde abadançylygy gazanmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby