01/12/2022
821
Türkmenistan bilen Özbegistan ýakyn hyzmatdaşlygy berkitmek we ony anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça özara taýýarlygy tassyklaýarlar
Ýaňy-ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň özbek kärdeşi bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň düýbünden täze ýagdaýyny döretmek we hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet bermek mümkin boldy. Şeýle hem doganlyk halklaryň ýakyn gatnaşygyny berkitmek we mundan beýläk-de ony anyk mazmun bilen doldurmak babatda özara taýýarlygy tassyklandy. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” redaksiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ylmy strategiki gözlegler merkeziniň ýolbaşçysy Ş.A.Şiriýewden saparyň özünde galdyran täsirleri dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, ýüz tutdy.
– Şiri Akoiliýewiç, türkmen-özbek gatnaşyklarynda täze ýagdaý diýmeklik ýönekeý bir sözler däl, bularyň aňyrsynda nämeler bar we olar näme bilen berkidilen?
– Diplomatik gatnaşyklary ösdürmekde iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň uly, köplenç halatda aýgytly ähmiýeti bar diýip aýdyp bileris. Meniň pikirimçe, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar edil şonuň ýaly ýagdaýdadyr. Deňlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, halklaryň taryhy umumylygyna we öz ýurtlarynda, şeýle hem sebitde parahatçylygy berkitmek islegine esaslanýan iki ýurduň ýolbaşçylarynyň islegleriniň we gyzyklanmalarynyň umumylygy, meýilleri we syýasy erki türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşmagyna getirdi. Ozal biziň gatnaşyklarymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda baglaşylan “Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek barada Şertnamada” we 2017-nji ýylyň 6-njy martynda baglaşylan “Ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk boýunça Şertnamada” berkidilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň baş ýörelgelerine esaslanýardy. Häzirki gatnaşyklaryň täzeligi, iki tarapyň diňe bir umumy meseleleri çözmek bilen gyzyklanman, eýsem bu işi haýal etmän we belli-bir “ýol kartalaryna” laýyklykda amala aşyrýanlygyndadyr. Türkmen-özbek serhet söwda zolagyny döretmek boýunça karar munuň aýdyň mysalydyr. Diňe üç aý mundan öň, Türkmenistanyň we
Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde bu barada ylalaşyk gazanyldy, şu günlerde bolsa umumy infrastruktura taslamasynyň ilkinji desgalarynyň biriniň gurluşygynyň düýbi tutulýar. Ýurt ýolbaşçylarynyň ýokary derejede ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine we öňe sürülmegine gözegçilik etmek üçin parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça bitewi çemeleşmesini häzirki türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýene bir tapawutly aýratynlygy hökmünde bellemek bolar. Mundan başga-da, taraplaryň hyzmatdaşlyga öndürijilikli häsiýet bermek isleginiň bardygy mese-mälimdir. Şeýle mysallar diýseň köp.
– Mümkin bolsa iki tarapyň gyzyklanma bildirýän hem-de taraplaryň arasyndaky gepleşiklerde seredilen möhüm meseleler barada gysgaça aýdyp berseňiz?
– Gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamanyň tekstine seredip geçsek, onda ol ýerde hemme zat barada jikme-jik aýdylan. Şeýle-de bolsa, gepleşikleriň dowamynda sebitdäki howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, esasan, Owganystan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly ähmiýet berlendigini aýtmak isleýärin. Özbegistan we Türkmenistan doganlyk owgan halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermek isleýändiklerini ýene bir gezek tassykladylar. Gepleşikleriň dowamynda, iki ýurduň, ilkinji nobatda, BMG, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarda hyzmatdaşlyk etmek islegi aýdyň ýüze çykdy. Ylaýta-da, parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň kanun çykaryjy guramalarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Energetika, ulag, oba hojalygy, senagat hyzmatdaşlygy, ýokary tehnologiýalar we söwda ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmek niýeti tassyklandy. Suw hojalygy, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
– Şiri Akoiliýewiç, türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamany agzap geçdiňiz. Bu resminamanyň haýsy düzgünleri, siziň merkeziňiziň seredýän meselelerine degişli?
– Ilki bilen, Jarnamada görkezilen ähli meseleler, belli bir derejede merkezimiziň işine täsir edýär. Bular özara gatnaşyklar, howpsuzlyk meseleleri, hukuk hyzmatdaşlygy, söwda we ykdysady, ulag, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara, medeni we ynsanperwerlik ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselelerdir. Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda belläp geçen sebit üçin ýüze çykýan kynçylyklara we howplara aýratyn baha berilmeleriniň Jarnamanyň “Howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk” bölümine girizilmegi bizi has hem buýsandyrýar. Olaryň käbirini ýatlamak ýerlikli diýip pikir edýärin. Jarnamada taraplaryň şu aşakdaky ugurlarynyň ösdüriljekdigi baradaky düzgün bellenilendir:
– gyzyklanýan edaralaryň ugry boýunça hyzmatdaşlyk, terrorçylyga, ekstremizme we separatizme garşy göreş, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmak, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olara deňelýän serişdeleriň we prekursorlaryň, ýaraglaryň hem-de ok-därileriň bikanun söwdasy, guramaçylykly jenaýat, guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek babatynda halkara we sebit guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk;
– taraplar häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny bikanun maksatlar üçin ulanmazlyk we milli howpsuzlyga zyýan bermezlik, şol sanda döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk we özygtyýarlylygyny bozmazlyk üçin öz alada edýärler;
– taraplaryň sebitleýin we dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde halkara we biologiki howpsuzlygy üpjün etmek üçin konstruktiw özara gatnaşyklary ösdürmekligi maksat edinýändikleri tassyklandy. Jarnamada biziň merkezimiz ýaly başga merkezleriň alyp barýan işleri barada hem aýratyn bellenilen bölüm bar: “Taraplar netijeli ugurlary, şol sanda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy öwrenmek, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek üçin “akyl merkezleri” bilen bilermen-seljeriş birleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdiler”. Merkezimiziň iki ýyl bäri iş alyp barýandygyny ýatlatmak isleýärin. Şu döwrüň içinde daşary ýurtlarda şuňa meňzeş seljeriş bölümçeleriň köpüsi bilen aragatnaşyklary we işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başardyk. Elbetde, Özbegistanyň Strategiki gözlegler merkezleri biziň ikinji hyzmatdaşlarymyz boldy. Biziň merkezimiziň wekilleri Daşkentde geçirilen halkara konferensiýalara gatnaşdylar, bu bolsa Özbegistanyň we sebitiň öňdebaryjy bilermenleri bilen has ýakyn aragatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň edil
öňüsyrasynda, ýagny 20-nji oktýabrda biz Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglary institutynyň işgärleri bilen bilelikde nobatdaky onlaýn maslahatyny geçirdik, onda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umuman, özbek lideriniň saparynyň we Aşgabatda bolup geçen gepleşikleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň häzirki wagtda durnuklylygyň we Merkezi Aziýa giňişliginde bolup geçýän oňyn ösüşiň strategiki faktory bolup durýandygyny bellemek gerek. Olar sebitdäki bar bolan meseleleri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň esasynda, parahatçylykly ýollar bilen çözüp bolýandygynyň aýdyň mysalyny görkezdi.
– Şiri Akoiliýewiç, beren baý mazmunly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
– Sag boluň!