Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” – geljegiň bagtyýarlygy
    “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” – geljegiň bagtyýarlygy surady
    30/11/-0001

    1674

    “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” – geljegiň bagtyýarlygy

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly

    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

    Zähmetsöýerlik biziň döwletliligimiz we bagtyýarlygymyzdyr!

    Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” atly kitabynyň tanyşdyryş maslahatynda il arasyndaky “döwlet” sözi bilen bagly jümleler kellämde aýlanyp durdy. Ynha, şu ýerde ilki “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine” salgylanyp, bu sözüň asyl manylaryna ser salalyň.

    Döwlet – I) Hökümetiň ýolbaşçylygynda häkimiýete eýelik ediji we ýurdy dolandyryjy edaralar hem-de şol ýurduň özi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti. II) 1. Uly baýlyk, mal-mülk. Meniň malym, döwletim hem bar, emma munuň ýaly janly altyn aşygym ýok. (H.Ysmaýylow). 2. göç.m. Bagt, oňat durmuş, abadançylyk. Açyldy talyg ýyldyzyň, Saňa döwlet geldi bolgaý. (“Görogly”)

    Döwlet guşuňy uçurmak – bagtyň ýatmak, işi gaýtgynlyga uçramak. Pelek urup, döwlet guşun uçuran, Zary girýan aglar han sesin aňsa (Magtymguly). Ýat eýlesem şul dünýäniň geçişin. Golumdan uçurdym ol döwlet guşun (Mollanepes).

    Döwletli – I) döwleti bar bolan, özbaşdak döwlete eýe bolan (halk). II) 1. barly, gurply, mally-mülkli. Döwletliden döwlet ýokar, bidöwletden mähnet (Nakyl). 2. göç.m. Bagtly abadan durmuşy bolan, at-abraýly, hormat-sylagly. Döwletli maşgala. Döwletli maslahat – peýdaly geňeş.

    Döwletlilik – I) Döwlet gurluşly ýurdy barlyk. II) 1. Barlylyk, gurplulyk, mally-mülklülik. 2. göç.m. Bagtlylyk, agzybirlik, abadanlyk

    Ynha, bulardan başga-da “Paýhas çeşmesi” atly nakyllar toplumy ýerleşdirilen kitapda “döwlet” bilen bagly şeýle nakyllara duş gelmek bolýar: “Döwletli aş üstüne, bidöwlet käýiş üstüne”, “Döwletli ogul – ojagyň gory”, “Döwletli ýap gazar, bidöwlet bent beklär”, “Döwletlilik agzybirlik, bidöwletlik – agzalalyk”, “Döwletliniň iti ýatmaz”, “Döwletliniň çagasy säher turar – heň eder, Bidöwlediň çagasy säher turar – jeň eder”, “Döwletliniň ýerinden ýap geçer, Bidöwletiň ýerinden – ýol”; “Döwlet bir är başyna geler, bir hem – ýer başyna”.

    Görşüňiz ýaly “döwletlilik” bilen bagly haýsy bir jümläni serjerseňde, onuň diňe bagtyýar we abadan durmuşa gönükdirilen manylarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň elimize gelip gowşan kitabynda hem türkmeniň gündelik durmuşynda iň bir zerur bolan ýörelgeler beýan edilýär. Şol ýörelgeler hem biziň ýaş neslimiz üçin durmuşda iň bir möhüm ýolgörkezijileriň biri bolup durýar. Çünki, olarda maşgalanyň agzybirligi, nesil terbiýesinde zerur bolýan pähimli jümlelerden mysallar, rowaýatlar beýan edilýär.

    Hormatly Prezidentimiziň bu ylmy ensiklopedik kitabynda halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn hormat goýýandygyny kitapda jemlenen 12 bölümiň içinden erş-argaç bolup geçmek bilen, onuň birinji bölümi “Durmuşyň gönezligi” diýlip atlandyrylmagydyr. Eýsem-de, durmuş gönezligi näme? Bu sowala jogap bermek üçin, ilki “gönezlik” näme? – diýen sowala jogap bermäge synanyşalyň. Her bir türkmen ojagynda çörek bişirmek üçin hamyr edilende, ýada gatyk etmek üçin bişen süýde gönezlik atylýar. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” bolsa “gönezlik” – 1. Bişen süýdi gatyk etmek üçin goşulýan örän az mukdardaky gatyk. 2. göç.m. Bir zadyň esasy, hamyrmaýasy, gözbaşy, çeşmesi – diýlip düşündiriş berilýär. Ynha, şu ýerden görnüşi ýaly, “Durmuş gönezligi” – durmuşyň başlanýan nokadyny, esasy özenini, gözbaşyny aňladýar. Her bir adam durmuş gurup, täze durmuşa gadam basanda, ýaş çatynjalar üçin gaýyn atalaryň we gaýyn eneleriň ýörelgeleri, pentleri – olara durmuş gönezligi bolup durýar. Maşgalaň agzybir bolanda, birek-birege mähirli bolup, her bir işe baş goşaňda bileleşip, el-ele berip der dökseň, onda maşgalaň abadan bolar. Maşgalaň, goňşularyň, köçäniň syrgyny bilen agzybir bolsaň, obaň abadan bolar. Obalar bolsa birigişip, şäherleri emele getirer, şäherler bolsa döwleti, netijede halkyň agzybir bolup, döwletiň abadan bolar. Şular ýaly, biri-biriniň içinden erş-argaç bolup geçýän pähimli jümlelere seljerme berip, Milli Liderimiz ýaş neslimizi türkmeniň asylly däplerine eýermeklerine çagyrýar. Çünki, her bir adam, aňy goýalyşyp başlan ýaş nesil “döwletli bolmaklyga” ymtylýar. Döwletli maşgaladan gyz almak, döwletli maşgala gyz bermek her bir ene-atanyň arzuwy. Şonuň üçin, Hormatly Prezidentimiz geçmiş taryhymyz bilen şu güni baglanyşdyryp, iki döwrüň arasyndaky arabaglanyşykda asylly ýörelgelerimize esaslanan umumadamzat gymmatlyklarynyň ýatandygyny ýaş nesillerimize ýetirmek isleýär.

    Ýaş nesliň ýankitabyna öwrüljek, ylmy ensiklopedik kitaplary peşgeş berýän Hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda alyp barýan işleriniň uly rowaçlyklara rowan bolmagyny arzuw edýärin.


    Selim ÝAZBERDIÝEW,

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

    Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň

    2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI