Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahat
    Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahat
    Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahat
    Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahat
    10/06/2023

    1697

    Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahat

    2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemlerine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýokary derejede geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýär. Munuň şeýledigine Aşgabatda geçirilen türkmen-wenger gepleşikleri hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iki günlük resmi saparda bolan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan 8 sany resminama gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hem bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Çykyşlarda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenilip geçildi. Şu gezekki Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar türkmen-wenger gatnaşyklarynda täze gözýetimleri açdy. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI