12/10/2026
100
TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARYNY BERKIDÝÄN TÄSIRLI DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliniň institutyň talyplary bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň “Rus emigrantlarynyň mirasyny gorap saklaýan gazna” atly täjirçilik däl guramasynyň ýazyjysy Ýana Polýaruş çykyş etdi. Ýazyjy öz çykyşynda köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhy, häzirki döwürdäki ösüşi, ylaýta-da, ylym-bilim, medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti we geljegi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda hormatly myhmana talyplar tarapyndan sowallar bilen ýüzlenildi.
Şeýle-de hormatly myhman türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi we institutda hereket edýän okuw studiýasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby