Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy
    09/10/2024

    767

    Türkmen paýtagtynda halkara sergi we ylmy maslahat dabaraly açyldy

    2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän forumyň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar. Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
    Halkara sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. Foruma Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýa Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Rumyniýadan, Singapurdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Katardan we Belarussiýadan degişli wekiller hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça hünärmenler gatnaşmaga çagyryldy.
    Serginiň çäklerinde habar beriş serişdeleriniň wekilleri, žurnalistler üçin niýetlenen ýörite media meýdançasynyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary telegepleşikleri gurap, sergä gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlaryny ýazgy etdiler. Munuň özi geljekki halkaraçy žurnalistleriň nazary bilimlerini çuňlaşdyryp, amaly endiklerini kämilleşdirmegi üçin oňyn şertdir.
    Sergide ýaýbaňlandyrylan dünýäniň ösen döwletleriniň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň diwarlyklary has-da köp adamly boldy. Aýratynam, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň diwarlygy myhmanlar, iňlis dilini öwrenýänler, halkaraçy hünärmenler üçin has-da özüne çekiji boldy. Sergide wekilçilik eden amerikan wekilleri şu gezekki forumyň halkara ähmiýeti, bilimi ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle-de ABŞ-nyň halkara bilim maksatnamalary, olaryň esasynda bu döwlete okuwa gitmegiň ýollary hakda giňişleýin düşündirdiler.
    Halkara sergide Hytaý Halk Respublikasynyň «Pekin Chusse Biotehnology Co., Ltd» kompaniýasynyň söwda direktory Saý Pin bu forumyň ähmiýeti, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda özleriniň kompaniýasynyň alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berdi:
    — Biziň kompaniýamyz, esasan, lukmançylykda dürli keselleri anyklamaga ýardam berýän test serişdelerini, lukmançylyk maksatly enjamlary hödürleýär. Şunda alym-lukmanlarymyz biolukmançylygyň usullaryna esaslanýarlar. Biz Türkmenistana ilkinji gezek geldik. Hem-ä öz önümlerimizi dostlukly ýurduň lukmançylygyna ornaşdyrmak isleýäris, hemem şu serginiň üsti bilen bu ugurda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek baş maksadymyzdyr.
    Halkara sergide Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň pawilýony myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary, bilim bermegiň häzirki zaman ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar, «eMekdep» ulgamynyň aýratynlyklary, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri, umuman, üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri öz beýanyny tapypdyr.
    Jemläp aýdanyňda, şu gezekki halkara forum lukmançylyk ylmynyň, bilim, sport ulgamlarynyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi. TDH-da habar berlişi ýaly, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi 12-nji oktýabra çenli dowam eder.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI