30/11/-0001
606
Türkmen halkynyň ganatly bedewlerine bagyşlanan duşuşyk
2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda institutymyzyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Halk suratkeşi hem-de Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulysy Saragt Babaýew, Türkmenistanyň Halk artisti Öwez Gelenow, halypa žurnalist Narly Nuryýew dagylar gatnaşyp, türkmen halkynyň behişdi bedewleri barada gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýazan “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen eserlerindäki ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa barada gürrüň edildi. Bu duşuşykda edilen söhbetler institutymyzyň talyplarynda türkmen bedewlerine bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
hukugy fakultetiniň talyby.