12/02/2025
784
«Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň üstünlikleri» atly prezentasiýa bäsleşigi
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş alymlar geňeşiniň» we «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni we bu institutyň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli ähli fakultetleriň talyplarynyň arasynda «Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň üstünlikleri» atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň geçirilmeginiň esasy maksady institutyň ähli fakultetleriniň talyplarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň netijeleri emin agzalaryň beren sesleriniň jemi esasynda jemlendi we üstünlik gazanan talyplar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Aýperi BAÝRAMDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

22/02/2025
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15/02/2025
Dabaraly maslahat geçirildi