Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE 15 ÝYL
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE 15 ÝYL
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE 15 ÝYL
    20/03/2023

    1994

    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE 15 ÝYL

    2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, halypa diplomatlar, institutyň professor-mugallymlary, magistrantlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

    Türkmenistanyň halkara bileleşiginde has-da artýan işjeňligini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin kämil hünärmenleri taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň bitewi ulgamyny döretmek, daşary syýasat we halkara gatnaşyklary babatda işleýän döwlet edaralaryny ýokary hilli hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň we häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň düýpli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakynda Permana gol çekdi.

    Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, geçen 15 ýylyň içinde diplomatiýanyň bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň milli hünärmenleri taýýarlaýan bütewi ulgamynda özüniň mynasyp ornuny eýeledi. Institutyň uçurymlary Daşary işler ministrliginiň ulgamynda, hukuk goraýjy edaralarynda, ykdysady we maliýe toplumynda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetinde, şäher we welaýat gazet redaksiýalarynda, we beýleki edara-kärhanalarda zähmet çekýärler. Häzirki wagtda okuwuny göreldeli tamamlan uçurymlarymyzdan ençemesi institutyň öz çäklerinde hem üstünlikli işleýärler.

    Geçen döwrüň içinde ýokary okuw mekdebiniň düzümi has-da kämilleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi esasynda institutyň düzüminde Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem-de Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi açyldy.

    Çykyş edenleriň bir agyzdan belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara gatnaşyklary instituty häzirki zaman ýokary bilim ulgamynyň hem-de diplomatiki binýatlyk ýörelgelerine daýanmak bilen birlikde, öňdebaryjy dünýä tejribesini hem hemmetaraplaýyn özleşdirýär. Institutda giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyny hem alnyp barylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty dünýäniň ençeme ýurdunyň Diplomatiýa akademiýalary we halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmenleri taýýarlaýan meşhur uniwersitetleri bilen özara hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekdi.

    2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň milli diplomatiýa mekdebiniň täze binalar toplumy açylyp, ulanmaga berildi. Bu bilimler köşgüniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz institutymyzyň talyplaryna ýüzlenip, olaryň üstüne halkara bileleşiginde Türkmenistana wekilçilik etmek ýaly belent hem jogapkärli wezipäniň ýüklenýändigini aýratyn nygtap, munuň üçin olaryň kämil hünärmen bolup ýetişmelidigini belledi.

    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň kemala gelmegi we berkemegi babatda edýän aladalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, milli we umumadamzat bähbitli oňyn başlangyçlarynyň, uzak geljege gönükdirilen tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


    Gülälek ÇOPANOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler

    ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

     institutynyň mugallymy.


    https://www.atavatan-turkmenistan.com/halkara-gatnasyklary-institutynyn-doredilmeginin-15-yyllygyna-bagyslanan-maslahat/?ISCI=060902


    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/su-gun-halkara-gatnasyklary-institutynyn-doredilenine-15-yyl-dolyar-c49c53

    Soňky täzelikler

    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI surady

    29/04/2026

    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS surady

    24/04/2026

    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS
    TALYBYMYZYŇ SPORT ÜSTÜNLIGI surady

    23/04/2026

    TALYBYMYZYŇ SPORT ÜSTÜNLIGI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI