01/09/2024
1997
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINDE TÄZE OKUW ÝYLYNA BADALGA BERILDI
1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni! Bu senesi ençeme juwan ýürekleriň bilimler dünýäsine uly hyjuw bilen gadam basýan güni. Bu gün mugallymlar, okuwçylar, ak mekdebiň gapysyny kakan körpejeler, talyplar, ene-atalar, mahlasy, tutuş halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk...
Däp bolşy ýaly, güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ir säher bilen institutyň öňündäki meýdançada baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabarada, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagyny okamagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlary üçin aýratyn täsirli boldy. Institutyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigine ünsi çekdi.
Soňra dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, tehniki ylymlaryň kandidaty, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi Çary Nyýazow çykyş edip, geljekki halkaraçy hünärmenlere, aýratyn hem, talyplyk dünýäsine ýaňy gadam basýan ýaşlara halypalyk maslahatlaryny berdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn şatlyk-şowhuna beslenen dabarada instituta ilkinji gezek gadam basan talyplaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna uly ornuň berilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dünýä derejesinde dabaralandyrylýan parahatsöýüjilikli başlangyçlaryň ýaşlaryň dili bilen beýan edilmegi örän täsirli boldy. Munuň özi bir tarapdan talyp ýaşlaryň Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýandyklarynyň aýdyň beýany bolan bolsa, ikinji tarapdan olaryň geljekde türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli däplerini mynasyp dowam etdirjeklerine bolan ynamy oýardy. Parahatçylygyň simwoly hökmünde ak kepderileriň uçurylmagy, dürli dillerde beýan edilen ýürek buýsançlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileriniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine talyp hökmünde ilkinji gezek gadam basýan bagtyýar ýaşlaryň hatarynda öňe saýlanyp durmagy bolsa dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Asylly däbe görä, institutyň uçurym ýyl talyplary tarapyndan okuwa täze kabul edilen ýaşlara ylymlar dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşany hem-de talyp şahadatnamasy gowşuryldy.
Tolgundyryjy minutlar gelip ýetdi — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim etdi. Şu ajaýyp pursatlardan soň, talyplar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun, eziz mugallymlar, talyp deň-duşlar!
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.