30/11/-0001
970
Türki Döwletleriň Guramasy:Hyzmatdaşlygyň täze eýýamy
2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara gözlegler institutynyň guramagynda «Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi” atly onlaýn arkaly halkara konferensiýa geçirildi.
Maslahatyň işine Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza we synçy döwletleriň strategik we seljeriş merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn konferensiýanyň barşynda oňa gatnaşan bilermenler Türki Döwletleriň Guramasynyň şu güne çenli gysga bolmadyk çylşyrymly ýoly geçip, uly mümkinçilikleri bolan saldamly halkara guramasyna öwrülendigi hem-de onuň diňe bir Merkezi Aziýada däl-de, eýsem dünýäde syýasy agramynyň artandygy barada nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, bilermenler umumy territoriýasy 4.5 million ine dördül kilometr, ilat sany 170 million bolan gurama agza we synçy döwletleriň häzirki günde daşky dünýä bilen 970 milliard amerikan dollaryna barabar haryt dolanşygyndan 25 milliard amerkan dollarynyň diňe içerki söwda gatnaşyklaryna degişlidigini bellediler. Şol sebäpli bilermenler geljekde TDG agza we synçy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 2022-2026-njy ýyllar üçin kabul edilen strategiýany durmuşa geçirmek babatda özara pikir alyşdylar.
Konferensiýanyň çäginde medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygyna garaldy. Bulardan başga-da türki dilli halklar üçin umumy elipbiýniň kabul edilmegi baradaky pikirlere, şeýle hem halkara terrorçylygy ýaly wehimler garşy alnyp barylýan göreşde hukuk goraýjy edaralaryň we ýörite gulluklaryň arasynda sazlaşykly hyzmatdaglygyň ýola goýulmagy meselelerine üns çekildi.
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi