240
TÜRGEN TALYPLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Karate-do Federasiýasy tarapyndan gurnalan Karate-do boýunça geçirilen çempionatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýygyndy topary gatnaşdy. Çempionat Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirildi. Şeýle-de institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Dawut Nazmyradow hem gatnaşyp, I orna mynasyp boldy (84 kg çenli).
Mundan başga-da, institutymyzyň Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby Ýusup Garajaýew hem gatnaşyp, I orna mynasyp boldy (60 kg çenli). Jemi gazanan utuşlar boýunça ýokary okuw mekdepleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty I orny eýeledi. Talyp deň-duşlarymyzyň bu üstünligi bizi has-da buýsandyrýar hem-de biz olaryň okuwlarynda, geljekki gatnaşjak sport çärelerinde üstünlik arzuw edýäris!
Arslan Syýahatow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby
Soňky täzelikler

Ýaş şahyryň döredijilik üstünligi

Türgen talybymyzyň üstünligi
