11/06/2024
695
TOGRUL BEG
Çeşmelerde seljuklaryň Nişapury eýelände, hiç hili talaňçylyk bilen
meşgullanmandygy tassyklanýar. Professor B.Zahoderiň haçly ýörişler boýunça
nemes taryhnamasynda «wagşy urşujy warwarlar» diýip atlandyrylan seljuklaryň
öz wagtynda Rim imperiýasyna çozan german taýpalary bilen deňeşdirende, wagşy
däldikleri baradaky pikirini (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства
сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.140) müň keren mamla hasaplaýarys.
Muny Seljuk imperiýasyny ilkinji esaslandyryjylaryň döwlet paýhasy bilen
düşündirmek dogry bolardy.
Togrul beg Nişapura girende, 3 ýyllap halkdan ýeke dirhem hem almazlygy
emr edipdir. S.G.Agajanow Togrul begiň bu hereketiniň oba hojalygyny dikeltmek
üçin wagtlaýyn çäre bolandygyny, soňra ýer salgydynyň dowamly ýagdaýda
ýygnalandygyny ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и
Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991, С.71, 244.; МИТТ. Т.I. C.376).
1040-njy ýylyň 24-nji maýynda Daňdanakan diýen ýerde türkmenler Togrul
begiň, Çagry begiň we Musanyň ýolbaşçylygynda gaznalylaryň san taýdan has
agdyklyk edýän goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler.
Daňdanakan söweşinden, takmynan, bir aý geçensoň, seljuk begleri Merwde
uly gurultaýa ýygnanypdyrlar. Gurultaýda esasy orny Togrul beg eýeläpdir.
Taryhçy Rawendiniň sözlerine görä, Togrul beg agasy Çagry bege ok berip, ony
döwmegi buýrupdyr. Oklaryň sany köpeldigiçe, olary döwmek kynlaşypdyr.
Togrul beg: «Biz hem şu ok mysalydyrys. Biz birleşsek, hiç kim bizi ýeňip bilmez,
bölünişsek bolsa, ýeke-ýekeden biziň kastymyza çykarlar» diýip, täze dörän
döwletiň güýjüniň Oguz hanyň wesýet edişi ýaly, agzybirlikdedigini nygtapdyr
(J.Gurbangeldiýew Daňdanakan söweşi // «Esger». – 2003. – 29 maý, 5, 12 iýun).
Gurultaýyň başynda Togrul begiň giriş sözünde täze gurlan döwletiň Seljuk
neberesiniň ortak mülküdigi, hanedan agzalarynyň öz arasyndaky agzybirligiň
döwleti berkarar etmekde has möhümdiginygtalypdyr (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun)
boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara,
2002, 3 cilt, – 80 s.).
Gurultaýda Beýik seljuk türkmen döwletiniň gurlandygy yglan edilýär.
Dolandyrmak üçin amatly bolar ýaly, döwletiň welaýatlary hökümdar neberäniň
agzalarynyň arasynda paýlanylýar. Çagry beg Horasanyň hökümdary bellenýär.
Togrul beg döwletiň soltany diýlip yglan edilip, Nişapurda oturmalydy we
günbatarda döwletiň çäklerini giňeltmegiň aladasyny etmelidi. Togrul begiň adyna
Nişapurda altyn teňňeler zikgelenip başlapdyr.
Taryhçylaryň arasynda doganlaryň ulusydygyna garamazdan, Çagry begiň
soltanlygy näme üçin inisi Togrula berendigi baradaky mesele hem örboýuna
galýar. Şunuň bilen birlikde, olar döwletiň üç doganyň arasynda
paýlaşylandygyny, olaryň hersiniň döwlet dolandyryş işlerinde içki özbaşdaklyga
eýedigini, hersiniň öz adyna hutba okadyp, zikge kakdyrandygyny ýatdan
çykarmaly däldigine, türki däplere görä, aga-ininiň öz arasynda dolandyryş-harby
bölünişigi geçirendigine hem ünsi çekýärler (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların
Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 108-109 s.).
Merw gurultaýynda döwletiň daşary syýasy ugry anyk kesgitlenýär.
Döwletiň günbatar böleginiň Togrul bege berilmegi Beýik Seljuk döwletiniň
daşary syýasatynyň Günbatara tarap çäklerini giňeltmegi belländiginiň alamatydy.
Şeýlelikde, Daňdanakan ýeňşinden soňra, XI asyryň ortasynda Jeýhun bilen Hazar
aralygynda Tigr we Ýefrat derýa aralygyna, Gara we Ortaýer deňizlerine çenli
uzap giden uly giňişlikde ägirt uly imperiýanyň emele gelmegine getiren seljuk
ýörişleriniň meşhur zamanasy başlanýar (Агаджанов С.Г. Государство
Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII в.в. –М., 1991, – С.53, 240; The
Cambridge History of Iran. Vol.V. The Saljuq and Mongol Periods. – Cambridge,
1968. P.23-102).
Togrul beg döwründe seljuk-wizantiýa gatnaşyklarynyň emele gelmeginde
ýurt gözleginde göç etmäge mejbur bolan oguzlaryň Anadola ýerleşdirilmek
syýasaty möhüm orun eýeläpdir. Togrul beg şu maksat bilen döwlet syýasaty
hökmünde hanedanyň agzalaryny we türkmen begleriniň serkerdeliginde iberilen
goşun birlikleri bilen göçleriň öňüni açmagy maksat edinipdir. Togrul begiň
türkmenleri Anadola ibermäge niýetlenen bu syýasaty türkmenleriň Mawerennahra
derek Anadoly uçlarynda jihady dowam etdirmegini aňladýardy (Alime Gül.
Selçuklu-Bizans Anlaşmalarinin değerlendirilmesi (1048-1211). Yüksek lisans
tezi. – İstanbul, 2014. – 8 s.).
Togrul beg Günbatara üstünlikli ýörişleri dowam etdirmek üçin döwletiniň
gündogar serhetlerinden arkaýyn bolmak maksady bilen, bu ýerleriň edarasyny
agasy Çagry bege tabşyrýar. Çagry beg inisiniň soltanlygyny, kanuny taýdan onuň
üstündigini ykrar etdi, özüne berlen mülklerde özbaşdak hökümdar hökmünde
herekete başlap, Günbatara ýörişleriň tyl üçin howpsuzlygyny üpjün edipdir
(Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. –
Konya, 2013. – 31 s.).
Togrul beg 1041-nji ýylda Tabarystan we Gürgen etraplaryna ýörişinde bu
ýerde 700 ýyllap höküm süren eýran asylly Bawendiler (665-1349-njy ýyllarda
Eýranda höküm süren nesilşalyk. — Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve
Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 746-748 s.) döwletini hem özüne tabyn edýär
(Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. –
Konya, 2013. – 77-78 s.). Bawendiler Eýranda Hazar deňziniň günortasyndaky
Tabarystan (Mazenderan) welaýatynda höküm süren ýerli hanedandyr. Seljuklar
hiç wagt Bawendileriň topraklaryny elinden almagy maksat edinmändirler. 1042-
nji ýylda Bawendileriň ýerli häkimi Anuşirwanyň tabynlygyny bildirmegi hem-de
100 müň dinar salgyt tölemäge borçlanmagy bilen seljuklar we olaryň arasynda
ýaraşyk baglaşylýar. Şeýlelikde, welaýatyň bir bölegi seljuklaryň tabynlygyna
geçýär (Akif Rençber. Bâvendîlerin Selçuklularla Münasebetleri (433/1042-
551/1156) // İran Çalışmaları Dergı̇si. Cilt: 3, Sayı: 1, 2019. – 67, 71-72 s.).
1042-nji ýylda Togrul beg Gürgene we Tabarystana tarap hereket edýär. Arap
basybalyşlaryna çenli Hazaryň günorta kenarýakasynda «Tapuristan» ady bilen
mälim bolup, araplar ony «Tabarystan» diýip atlandyrypdyrlar. Tabarystan
Zyýarylar döwletiniň düzümine giripdir (Абу-л-Фазл Байхаки. История Мас’уда
(1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – С.843).
Seljuklar Hazarýaka düzlük etraplaryny eýeleýärler. Hut şu etraplar Orta Aziýany
we Eýrany Kawkaz hem-de Kiçi Aziýa bilen baglanyşdyrýan köpri bolupdyr (The
Cambridge History of Iran. Vol.V. The Saljuq and Mongl Periods. – Cambridge,
1968. P.26). Zyýarylar (927-1090-njy ýyllarda Gürgende we Tabarystanda höküm
süren bu nebere 1042-1090-njy ýyllarda seljuklara tabyn bolupdyr. — Öztuna Y.
İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 750-751 s.)
seljuklara tabyn bolup, hutbada Togrul begiň adyny okapdyrlar, oňa 50 müň dinar
salgyt tölemäge borçlanypdyrlar. Şeýlelikde, Togrul beg bu ýerde gaznalylaryň
häkimlik örüsini daraldyp, zyýarylaryň ozal bu döwlete töleýän salgydyny
seljuklara tölemäge mejbur edipdir.
1043-nji ýylda Reý şäherine (Reý Eýranyň iň gadymy şäherleriniň biri
bolup, häzirki wagtda Tähranyň 8 kilometr günorta-gündogarynda onuň diňe
harabalary saklanyp galypdyr. — Абу-л-Фазл Байхаки. История Мас’уда
(1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – С.842) giren
Togrul beg ony Seljuk döwletiniň paýtagtyna öwrüp, şäheri abadanlaşdyrmagy
buýrupdyr. Ýeri gelende bellesek, Beýik Seljuk imperiýasy öz taryhynda iň köp
paýtagtly döwletleriň hatarynda ýer alyp biler. Nişapur (1037-1043), Reý (1043-
1074), Yspyhan (1074-1118), Merw (1118-1157), Iznik (1074-1097), Konýa
(1097-1308), Berdesir, Şam, Hemedan seljuk döwletleriniň paýtagt şäherleridir
(Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 474
s.; Öwezow B. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň paýtagt şäherleriniň ýeriniň
üýtgedilmeginiň geosyýasy şertleri // Bilim. – №6, – 2023. – 22-23 s.). Ýazyjy
ogly Aly: «Soltan Togrul beg Yrak taraplaryna ugrady. Reýi basyp alyp, ony
paýtagt edindi» diýip ýazýar (Ýazyjy ogly Aly. Seljuk türkmenleriniň taryhy. I jilt. –
Aşgabat.: Miras. 2005. – 58 s.).
1043-nji ýylda Mosulda Abbasy halyfynyň we seljuk soltany Togrul begiň
adyna hutba okalypdyr (Ali Sevim. Anadolu’nun fethi. Selçuklular dönemi
(Başlangiçtan 1086’ya kadar). – Ankara, 1987. – 25-26 s.).1043-nji ýylyň baharynda Togrul beg Çagry beg bilen bilelikde Horezme ýöriş
edip, ony öz döwletine tabyn edipdirler.
1043-nji ýylda Reýi paýtagt edinenden soň Togrul beg ýörite meýilnama
esasynda Anadolyny eýelemäge girişýär. Ol beýleki türkmen taýpalarynyň
özakymlaýyn hereketinden düýpgöter tapawutly bolup, strategik maksatlara gulluk
edýärdi. Togrul beg 1045-nji ýylda Hemedany, 1051-nji ýylda Yspyhany eýeläpdir
(Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara,
2002, 3 cilt, – 113 s.; Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. –
A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 109 s.).
Şu ýerde bir hakykata aýratyn üns çekmegi zerur hasaplaýarys. Ömrüniň 36
ýylyny Ýakyn hem-de Orta Gündogarda geçiren britan harbysy ser Jon Bagot
Glabb özüniň ençeme ýyllyk tejribesiniň dowamynda toplan seljermeleriniň
esasynda türkmenleriň dünýä harby sungatynda tutan orny barada ýazan
«Imperiýanyň taryhy ugry» atly kitabynda özüni haýran galdyran zatlaryň birine
— söweş meýdanlarynda ýeňilmezek türkmenleriň duşman galalaryny, şäherlerini
zabt edip almakdan saklanandyklaryna ünsi çekýär. Onuň bu kitabyny terjime eden
halkara gatnaşyklaryndan belli türkmen hünärmeni B.Karaýew bu barada şeýle
ýazýar: «Türkmenler howlukman, arkaýynlyk bilen galanyň daşyny töwerekläp,
oba gurup garaşyberipdirler. Şol aralykda olar özara ýaryşlar gurap, türgenleşikler
bilen hem meşgullanypdyrlar, ýakyndaky ilatyň durmuşyny, hal-ýagdaýlaryny hem
öwrenipdirler. Garrylary, çagalary, aýal-ebtady galadan howpsuz ýere çykarmaga
ýol beripdirler. Bu hili gabaw birnäçe aýlap dowam edip bilipdir we türkmenler
diňe duşman goşunyny nazar astyna alyp, galany gabawda saklapdyrlar. General
Glabb 1050-nji ýylda Togrul begiň Yspyhany alşyny mysal getirýär we ol
gabawyň bir ýyldan hem gowrak dowam edendigini belleýär (Karaýew B.
«Gursagy arslanly-şirli türkmensiň» // Alp Arslan Türkmen hakynda edebi eserler
çemeni. – Aşgabat, 2006. – 16-17 s.; Impact of turkmen mounted archers on
modern warfare. By Dr. Begench Karayev, Fulbright Scholar, Indiana University.
// www.newscentralasia.com. July 18, 2004). Galanyň harbylary we goşuny halys
çydaman, amana gelensoňlar, giňden açylan derwezeden dabara bilen giren Togrul
beg gala diwarlaryny içinden urup, daşyna ýykmagy buýrupdyr. «Bu belent
diwarlar diňe ejizler üçindir. Meniň galam – gylyç, galkanym we özümdirin»
diýip, şöhratly türkmen serdary märekä ýüzlenipdir. Türkmenleriň söweş tärlerini
jikme-jik öwrenmäge ymtylan britan generaly ser Jon Glabb «Häzirki zamanda
parahatçylygy saklamakda hem Seljuk imperatorlarynyň parasatly syýasaty
gymmatly çeşme bolup biler» diýip belleýär. Seljuklar şäherleri eýelänlerinden soň
hem, birnäçe wagtlap gala diwarlarynyň daşynda gurlan çadyrlarynda ýaşapdyrlar
(Гусейнов Р.А. Сельджукская военная организация. – Палестинский сборник.
Вып. 17 (80). – Л., 1967. – С.141-142). Bellemeli zat, seljuklar täze eýelän
ýerlerinde öz häkimligini berkitmek maksady bilen ol ýerlere oguz taýpalaryny
göçüripdirler. Oguzlaryň Kiçi Aziýa yzygider akgynlary seljuklara ýeňişli ýörişleri
üpjün edipdir, ýerli ilat bolsa assimilýasiýa sezewar bolupdyr. W.Gordlewskiý
özara täsirleşmäniň ikinji tarapy hakda hem aýdýar. Seljuklar näçe günbatara
aralaşdygyça, olaryň çarwa däpleri gowşap, şäherleşmäniň täsiri artypdyr
(Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. –
С.46).
Ýokarda getirilen mysalyň esasynda şeýle netijä gelmek bolýar —
parahatçylyk söýüjiligi öz daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesine öwren
seljuklar ýeterlik harby güýji bolaýan halatynda hem urşuň öňüni almak üçin
birnäçe serişdeleri ulanypdyrlar. Uzak wagtlyk gala gabawy hem şol prewentiw
çäräniň biridir. Agyr goşun bilen ençeme aýlap, hatda bir ýyldan hem gowrak
garşydaşyň galasyny gabamak, elbetde uly çykdajylary talap edipdir, üstesine gany
dyňzap duran seljuk alplarynyň söweşjeň ruhuny peseldipdir. Emma gadymy Oguz
töresine görä, gylyjy gynyndan çykarmak, ýagny söweşmek, gan dökmek iň soňky
çäre hökmünde iň soňunda ulanylypdyr. Şoňa çenli galany gabap ýatan seljuklar
öňüni alyş diplomatiýasynyň ençeme gurallaryny işe girizipdirler.
(Dowamy indiki sanymyzda).
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: «Biznes reklama» gazeti - 10.06.2024 ý. // www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/152028
Soňky täzelikler
10/10/2024
UNESCO CLUB IS TWO YEARS OLD!10/10/2024
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN PYRAGY!