01/07/2024
889
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA FAKULTATIW OKUW SAPAKLARY TAMAMLANDY
2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary
boýunça okuw merkeziniň “Öňüni alyş diplomatiýasy” ugry boýunça 2023-2024-
nji okuw ýylynyň II ýarym ýyllygyndaky fakultatiw okuw sapaklary tamamlandy.
Geçirilen bu fakultatiw okuw sapaklarynda talyp ýaşlara öňüni alyş diplomatiýasy
we onuň taryhy, onuň döwletleriň arasynda ýüze çykyp biljek dawalaryň öňüni
almakda ähmiýeti, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyny alyp barmakda toplan
baý tejribesi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Okuw sapaklaryny üstünlikli tamamlan talyp ýaşlara ýörite Şahadatnamalar
gowşuryldy. Bu okuw sapaklary ýaş nesillere diplomatiýanyň täze ugurlaryny we
onuň halkara gatnaşyklarynda ulanylýan usullaryny düýpli öwretmekde uly
ähmiýete eýe boldy.
Ýazjeren TIRKIŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
21/04/2025
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY