06/06/2024
1106
“Daşky gurşawy goramak - biziň borjumyz” atly seminar geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Daşky gurşawy goramak - biziň borjumyz” atly seminar geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda döredilendigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde 1972-nji ýylda Şwesiýada geçirilen Stokgolm konferensiýasynda kabul edilen Rezolýusiýa laýyklykda, her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni hökmünde bellenildi. Bu baýramçylygyň esasy maksady daşky gurşaw meselelerine ünsi çekmek we ony goramagyň işjeňligini höweslendirmek bolup durýar.
Her ýyl Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanan çäreler belli bir şygar bilen geçirilýär. Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni 2024-nji ýylda “Biziň dünýämiz, biziň geljegimiz” atly şygar astynda geçirilip, çölleşmäge garşy hem-de guraklyga çydamlylygy artdyrmaga bagyşlanýar.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.