Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • 35 Years of Independence Turkmenistan's Economic Achievements and New Horizons of International Cooperation.
        • THE INSTITUTE OF NEUTRALITY THE SIGNIFICANT ROLE OF THE INSTITUTE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING THE SYSTEM OF INTERNATIONAL LAW
        • Ecological Diplomacy in Action Turkmenistan’s Priorities for Climate Resilience and Green Transition
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменистан: уникальный вектор сотрудничества в Содружестве Независимых Государств
        • Бишкек-2026. Качественная эволюция ШОС
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «TESOL26: GELJEK ÜÇIN IŇLIS DILI» ATLY OKUW MASLAHATY
    «TESOL26: GELJEK ÜÇIN IŇLIS DILI» ATLY OKUW MASLAHATY
    «TESOL26: GELJEK ÜÇIN IŇLIS DILI» ATLY OKUW MASLAHATY
    «TESOL26: GELJEK ÜÇIN IŇLIS DILI» ATLY OKUW MASLAHATY
    29/08/2026

    826

    «TESOL26: GELJEK ÜÇIN IŇLIS DILI» ATLY OKUW MASLAHATY

    2026-njy ýylyň 26—28-nji awgusty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara derejesindäki «TESOL26: geljek üçin iňlis dili» atly giň gerimli okuw maslahaty üstünlikli geçirildi.
    Bu abraýly bilim forumy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Halkara TESOL assosiasiýasy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde gurnaldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden, bilim merkezlerinden, orta mekdeplerden mugallymlar we bilermenler bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary E.Orazmyradowa, A.Sätgeldiýewa, S.Nazarowa hem gatnaşdylar.
    Üç günlük geçirilen maslahat bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary, emeli aň (AI) hem-de döwrebap pedagogik usullary amaly sapaklara netijeli ornaşdyrmaga gönükdirildi. Maslahatyň çäklerinde halkara we ýerli hünärmenleriň, bilermenleriň gatnaşmagynda çykyşlar diňlenildi.
    Maslahatyň birinji güni açylyş dabarasy we bilermen Dawid Kisanyň gepleşik başarnyklaryna baha bermek baradaky esasy çykyşy bilen başlandy. Şeýle hem Uilýam Nýuman, Tamrika Hwtisiaşwili, Liza Brisbois we Heýdi Faust ýaly halkara bilermenler emeli aňyň üsti bilen materiallary taýýarlamakda, ýazmaça baha bermekde we synp gözegçiligini guramakda ulanmagyň amaly usullary barada çykyş etdiler.
    Maslahatyň ikinji güni ýerli bilermenler Meretguly Gurbanow, Ahmetnazar Hojanazarow, Gülaýym Kurbanowa, Begmämmet Akmämmedow, Bahar Bahbidowa presentasiýalar arkaly çykyş etdiler. Olar synplarda emeli aňdan peýdalanmak, çeper edebiýat arkaly aňy ösdürmek we beýniniň işjeňligine esaslanýan okatmak usullary barada tejribe paýlaşdylar. Günün ikinji ýarymynda mugallymlaryň hünär taýdan durnuklylygy hem-de duýgudaşlyk temalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň jemleýji gününde geljekki baha beriş ulgamlary, okuwçylary halkara synaglaryna taýýarlamak, “Emeli aň eýýamynda ESL/EFL sapaklaryny guramaga täzeden seretmek” atly amaly sapagy geçirildi. Soňra maslahata gatnaşyjylara şahadatnama gowşuryldy.
    «TESOL26» maslahaty Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler, sanly bilimi ösdürmäge, ýaş nesle döwrebap bilim bermäge we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge uly goldaw boldy. Maslahata gatnaşan mugallymlar alnan amaly bilimleriň sapaklaryň hilini ýokarlandyrmakda bähbitli boljakdygyny bellediler.

    Aýna SÄTGELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ GURAMAGYNDA ÇÄRE GEÇIRILDI surady

    14/09/2026

    TÜRKMENISTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ GURAMAGYNDA ÇÄRE GEÇIRILDI
    Tejribe — kämilligiň gözbaşy surady

    12/09/2026

    Tejribe — kämilligiň gözbaşy
    TÜRKMEN TALYPLARY ASTANADA «KIТAP-TIME-2026» FESTIWALYNA GATNAŞDYLAR surady

    11/09/2026

    TÜRKMEN TALYPLARY ASTANADA «KIТAP-TIME-2026» FESTIWALYNA GATNAŞDYLAR
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI