23/05/2026
12
TEMMÄKÄ GARŞY ALNYP BARYLÝAN IŞLERE BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň guramagynda “Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny kafedranyň mugallymy Rahym Akmuradow alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallym Türkmenistanyň temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem mugallym “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini belledi.
Sapagyň ahyrynda talyplar mugallyma beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi ýaş hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Azat NOBATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby