30/11/-0001
548
Tejribeli hukukçylar bilen duşuşyklar dowam edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdyr baýramlara, şanly senelere beslenip gelýär. Türkmen halky bu gün demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň Baş Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe uly şatlyk-şowhun bilen taýýarlyk görýär. Ynha, üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň berkden-berk hukuk binýady bolan Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň häzirki ösüş derejesine ýetmeginde, ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ähmiýeti örän uludyr. Onuň täze taryhy eýýamda döwletiň röwşen geljege tarap ilerlemeginde ýolgörkeziji bolup hyzmat etmeginiň ähmiýeti, 30 ýyllyk taryhyň syrlary barada talyp ýaşlary ýakyndan tanyş etmek maksady bilen 2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň "Ýaş hukukçylar" gurnagynyň guramagynda kärinden umman deýin tejribäni arka atan tejribeli hukukçy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň baş döwlet bellige alyjysy Wepamyrat Halydowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýamyň röwşen geljegine tarap” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar tejribeli hukukçynyň beren täsirli gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler we özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallara jogap aldylar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky duşuşyga gatnaşan talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Esasanda, duşuşygyň Baş Kanunyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilmegi hem-de halypa hukukçynyň berýän gyzyldan gymmatly gürrüňleri we gyzykly sorag-jogap alyşmalar hem ýetip gelýän baýramçylyk dabarasyna türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ilkinji ädimleriň biri boldy.
Hatyja Döwletnazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.