30/11/-0001
520
Tebigatyň tämizlik sazlaşygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şäheriň arassaçylygyny saklamak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýokary okuw mekdebiniň çäginde degişli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Talyplar köpçülikleýin arassaçylyk çäräniň dowamynda bag nahallaryna ideg etdiler. Olar institutyň çägindäki ýan-ýodalarda tämizlik-arassaçylyk işlerini hem geçirdiler. Şeýle köpçülikleýin arassaçylyk çäreleriň dowamly geçirilip durulmagy Aşgabat şäheriniň gözelligini aýap saklamakda uly ähmiýete eýedir.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.