30/11/-0001
753
“Täze ýyla – täze gadam” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýyla – täze gadam” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda institutymyzyň aýdym-saz topary hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Olarda täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly özgerişleri, şowly üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.