30/11/-0001
500
TÄZE ÝYLA BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Täze — 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli institutymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dirižýor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygynda düzülen orkestr toparynyň bilelikde guramagynda sazly konsert geçirildi.
Orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan göwnüňi galkyndyrýan milli we daşary ýurt sazlary talyp ýaşlaryň baýramçylyk ruhuny galkyndyrdy. Daşary ýurt kinofilmlerinden ýaňlanan eserler bolsa baýramçylyk konsertiniň täsirini has-da artdyrdy. Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda hormatly Prezidentimize, ähli türkmen halkyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglar belentden ýaňlandy.
Aýdym-saz adamyň ýüregine ruhy lezzet berýär. Şeýle medeni-dynç alyş çäreleriň geçirilmegi, talyplaryň sungata bolan sarpasyny ösdürýär, ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirýär, olaryň watansöýüjiligini artdyryp, ruhy taýdan galkyndyrýar.
Ajaýyp NOBATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby