30/11/-0001
566
“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi
2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän “Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi.
Bu festiwalda talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirdiler. Festiwalyň dowamynda keşdeçilik hünäri bilen bagly gyzykly tymsallardyr rowaýatlar diňlenildi. Institutyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary özleriniň el hünärlerini goşgy setirleri bilen wasp etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy, kümüş saçly ene Bibigözel Mämmedowanyň “üme” sözüniň gelip çykyşy we onda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dogrusynda beren gyzykly gürrüňleri çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy. Şeýle hem festiwalyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gözel Hojaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet horunyň aýdymçysy Maral Gurbanowa dagylar Watanymyzyň ösüşini, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.