15/10/2024
419
TÄSIRLI GEZELENÇ
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, ilkinji Zenanlar we ilkinji Ýaşlar guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna we Köpetdagyň gerşinde gurulan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar ýadygärlikler toplumlarynyň taryhy hakynda gyzykly maglumatlary öwrendiler.
Şeýle hem talyp ýaşlar Köpetdagyň eteginde gurulan türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeline we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç etdiler. Bu medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Magtymguly Pyragynyň ady we onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda daglardan eşidilýän owaz ýaly bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy, onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrdy.
Gezelenje gatnaşan ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany we olaryň eziz topragymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Bägül HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.