10/03/2022
696
Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygy
2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmagy, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegi, kanunbozulmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almagy wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýaty agtaryş müdirliginiň, 4-nji müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Annadurdy Jyrykow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew, Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa çykyş etdiler. Maslahatda edilen çykyşlarda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak baradaky öwüt-nesihatlar institutyň mugallymlary we talyplary üçin täsirli hem-de peýdaly boldy.
ALTYN MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.