507
Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresi
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň işgärleriniň hem-de Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, şäheriň abadançylygyny gorap saklamak, şäheriň arassa bolmagynda her bir nesliň goşandynyň bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyşlar edildi. Şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk ýaly häsiýetlerini terbiýelemek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany oýarmak biziň her birimiziň borjumyzdyr diýip, çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi.
Ýupar EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi