04/09/2023
1426
TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT
2023-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň we onuň işiniň taryhy ýerine ýetirýän wezipeleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2023-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada maslahat geçirildi. Maslahata institutyň 1-nji ýyl talyplary we professor-mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2023-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilendigi, hususanda, mejlisiň dowamynda Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek babatynda edilmeli işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle-de döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhyny, alyp barýan işleriniň köpugurlydygyny, onuň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, hukuk esaslaryny ylmy taýdan esaslandyryp, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmegiň professor- mugallymlaryň mukaddes borjudygyny belledi.
Dawut PÜRNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
I ýyl talyby.