30/11/-0001
531
Täsirli geçen maslahat
2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halk. Döwlet. Prezident. Demokratiýa. Parahatsöýüjilik. Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent maksatlara tarap” atly maslahat geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.Ezimowa, Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy D.Ballyýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy, Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy M.Bereketowa dagylar çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban halkymyzyň demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýandygyny nygtadylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusy institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby A.Syýahatow tarapyndan labyzly okaldy.
Maslahatyň soňunda halkymyzyň demokratiýanyň aýdyň ýolunda ynamly öňe gitmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi