Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / TÄSIRLI GEÇEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
    TÄSIRLI GEÇEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY surady
    31/01/2022

    1409

    TÄSIRLI GEÇEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

    2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň 2021-2022-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
    Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň görnükli ýazyjylarynyň biri bolan Orazguly Annaýew özüniň döredijilik ýoly, döreden kyssa we poeziýa eserleri barada aýdyp, öz döredijiligine täsir eden, türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmakda mynasyp goşant goşan halypa we döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryny, söz ussatlarynyny ýatlady. Halypa ýazyjy döredijilige gadam basan ýaşlara onuň inçe syrlary, çeper söze erk etmegiň täsin tärleri barada maslahat berdi. Halypa ýazyjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri wasp etmegiň döwrümiziň ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň mukaddes borjudygyny nygtap, bu borja Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň hem mynasyp hötde gelýändiklerini belledi.
    Şeýle-de duşuşygyň barşynda talyplar edebiýat, poeziýa, publisistika barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen halypa ýazyja ýüzlenip, jaýdar we täsirli jogaplary aldylar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň her bir berlen soraga giňişleýin jogap berip, olary mysallar, ýatlamalar arkaly berkitmegi ýaşlar üçin has-da täsirli boldy. Duşuşyk aýratyn hem bu ýokary okuw mekdebinde döredijilik bilen meşgullanýan, žurnalistika ugrundan bilim alýan talyplar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, olaryň söz, sözüň güýji, söze erk etmek sungaty barada gözýetimleriniň giňemegine ýardam etdi.
    Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy bolsa, talyplaryň gyşky dynç alyş möwsümindäki boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryna, olaryň täze zatlary öwrenmeklerine oňaýly şert döredýär.

    Batyrmuhammet ORAZOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    28/04/2026

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    23/04/2026

    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING surady

    12/04/2026

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI