30/11/-0001
588
Tämizlik — gözelligiň sakasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şäheriň arassaçylygyny saklamak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýokary okuw mekdebiniň çäginde degişli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Talyplar arassaçylyk işleriniň dowamynda ýan-ýodalarda tämizlik, bag nahallaryna ideg etmek işlerini ýerine ýetirdiler.
Tebigat ählimiziň öýümiz bolup durýar. Hut şonuň üçin hem tebigaty gorap, aýawly saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Daş-töweregiň arassalygy ynsan kalbynda tebigata bolan tämiz söýgüni oýarýar. Talyplaryň tebigaty aýawly saklamak babatda geçirýän arassaçylyk işleri, olarda ekologik medeniýetini kemala getirýär.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.