30/11/-0001
544
Tämizlik - gözelligiň gözbaşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şäheriň arassaçylygyny saklamak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýokary okuw jaýynyň çäginde degişli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Talyplar arassaçylyk işleriniň dowamynda bag nahallaryna ideg edip, ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler. Gözel paýtagtymyz Aşgabat owadanlygy, bagy-bossanlygy bilen dünýäde özüniň belent ykraryny tapandyr. Muňa mysal hökmünde, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegini görkezmek bolar.
Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi