Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / TALYPLARYMYZYŇ TASLAMASY EÝEÇILIK HUKUGYNY GAZANMAGY BAŞARDY
    TALYPLARYMYZYŇ TASLAMASY EÝEÇILIK HUKUGYNY  GAZANMAGY BAŞARDY surady
    26/05/2025

    1264

    TALYPLARYMYZYŇ TASLAMASY EÝEÇILIK HUKUGYNY GAZANMAGY BAŞARDY

    Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyplary Sahydöwlet Hümmetjumaýew we Şyhdurdy Şyhyýew S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigine gatnaşmak üçin «Beýi ýapragynyň we onuň demlemesiniň melhemlik häsiýetleri» atly ylmy işi taýýarladylar.
    Bilşimiz ýaly, 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Oguztaslama-2024» atly taslama bäsleşiginde Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby Kadyrmyrat Öwezgylyjowyň «FacePay» ýüz-keşp arkaly töleg» atly ykjam programmasy ikinji orna ýagny, kümüş medala mynasyp boldy.
    Talyplarymyzyň döreden ylmy taslamalaryna emin agzalar ýokary baha berdiler. Talyplarymyz taslamany Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugyna hödürlediler. Institutymyzyň talyplarynyň döreden ylmy taslamasy kabul edilip, onuň döredijilerine taslamanyň eýeçilik hukugy berildi.
    Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Strategiýasy kabul edildi hem-de ylym ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli we ählumumy derejeli döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar, birnäçe möhüm kararlar we çözgütler kabul edilýär. Bu işler ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny höweslendirmäge, olaryň işjeňleşmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge, halkara forumlaryna hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaş alymlary bilelikdäki hem-de utgaşyklykdaky taslamalary amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň çäklerinde ylmy gurnaklaryň döredilmegi ýaşlaryň ylymda uly üstünlikleri gazanmagyna itergi berýär.
    Talyp ýaşlarymyzyň ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz ukyp- başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ylymda täze üstünliklere ýetmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

    Gülsenem HOMMADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI