3441
Talyplarymyz döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri
2024-nji ýylyň 4-njy iýulynda Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 1 ýyllygy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, bilim derejesini ýokarlandyrmak, aň-düşünjelerini ösdürmek maksady bilen, «Arkadag şäheri – behişdi bedewleriň mekany» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, behişdi ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň 200-e golaýy özleriniň makalalary bilen gatnaşyp,olardan zehinli ýaşlar ýeňiji bolmagy başardylar.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň hem bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Has dogrusy, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Yhlas Hallyýew I derejeli, Laçyn Mätjäýewa III derejeli, III ýyl talyby Gurbanmyrat Aşyrow III derejeli, IV ýyl talyby Aýlar Atajykowa III derejeli diploma mynasyp boldular. Ýeňijilere guramaçylyk topary tarapyndan Diplomlar gowşuryldy.
Laçyn SABYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.