503
Talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wagyz-nesihat we terbiýeçilik işiniň meýilnamasyna laýyklykda guralan bu çärä institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Daýanç Durdyýew we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekligi, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmaklygy, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklygy, hukuk bozulmalaryny duýdurmaklygy, jenaýatçylygyň öňüni almaklygy hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy,watansöýüjiligi, milli mirasymyza hormat goýmaklygy, zähmeti söýmekligi, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekligiň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny nygtadylar. Mundan başga-da pyýada hereket edilende ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlygy, üstünde oturmazlygy hem-de pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden geçmekligi, ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmekligi ýatlatdylar. Çykyş edenler häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmegiň, olary giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişdirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmakda, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde amala aşyrýan toplumlaýyn işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bilbil BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi