30/11/-0001
565
Talyp gyzlaryň dialogynyň II tapgyry geçirildi
2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna talyp gyzlaryň seslenmeleri” atly talyp gyzlaryň dialogynyň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen birlikde guralan bu duşuşyga paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary we ilkinji Zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-nji maksady bolan Gender deňligini durmuşa ornaşdyrmak babatynda öňe sürülýän şygar hem-de şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Zenanlarynyň dialogyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler. Olaryň nygtap geçmeklerine görä, 2021˗2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly Milli strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bagly işlere talyp gyzlaryň işjeň gatnaşmaklarynyň uly ähmiýeti bardyr. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň many-mazmuny esasynda sorag-jogap alyşdylar.
Gülruh GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.