526
“Talyp gözeli – 2021” atly gözellik bäsleşigi
2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Talyp gözeli – 2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Talyp gözeli – 2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyp gyzlary çykyş etdiler. Talyp gyzlar gözellik bäsleşiginiň esasy şertleri bolan türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryna siňdirip ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek we “Hünärim bar – hormatym bar” şygar astynda keşde çekmek ukyplaryny açyp görkezmek boýunça bäsleşdiler.
Gözellik bäsleşigine gatnaşan talyp gyzlar hormatly Prezidentimiziň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Talyp gözeli – 2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gytja Atdaýewa ýeňiji bolup, Baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Diplomlary, Hormat we Minnetdarlyk hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi