16/02/2026
36
Sylaglanyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we ýokary okuw jaýlarynyň baýrakly orunlara mynasyp bolan wekilleri gatnaşdylar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen bu bäsleşige eminler topary tarapyndan adalatly baha berildi.
Bäsleşigiň şertlerine görä, ol iki ugur boýunça guralyp, oňa gatnaşýan toparlar öz çykyşlaryny çeper okaýyş we fleşmob görnüşinde taýýarlapdyrlar. Fleşmobuň girişinde talyp ýaşlaryň azyndan biri ýa-da toparlaýyn türkmen we daşary ýurt dillerinde parahatçylygy, Bitaraplygy we bedew batly ösüşlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini, kitaplardan, çykyşlardan jümleleri çeper ýerine ýetirilipdir. Çeper okaýyş bilen fleşmob çykyşynyň dowamlylygy talaplara laýyklykda 3-7 minut aralygynda taýýarlanylypdyr. Çykyşlarda ulanylan aýdym-sazlar we hereketler milli hem döwrebap öwüşginleri özünde jemläpdir.
Bäsleşigiň netijelerine görä, I orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, II orunlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, III orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti eýe boldy.
Höweslendiriji baýraklara bolsa Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty mynasyp boldy. Sylaglanyş dabarasynda ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de çärede bagtyýar döwrümizi, eziz Diýarymyzy, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, edebi-sazly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň ahyrynda ýeňijiler we oňa gatnaşyjylar döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
06/04/2023
Hünärmen maksatnamasy
06/04/2023
Magistratura maksatnamasy
20/10/2020
Bakalawr maksatnamasy