30/11/-0001
620
SUW DIPLOMATIYASYNA BAGYSLANAN FAKULTATIW OKUW SAPAKLARY TAMAMLANDY
Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup suw diplomatiýasy çygryndaky gatnaşyklary ösdürmek we ony ylmy esasda öwrenmek çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde degişli fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirildi.
Bu okuwlara ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda alnyp barlyp, okuw sapaklaryna halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, institutymyzyñ magistrleri işjeň ýagdaýda çekildi. Bu bolsa okuw merkeziniň diňleýjilerine suw diplomatiýasy boýunça ýöriteleşdirilen nazary bilimlerini almaklyga hem-de geljekki diplomatlar hökmünde hünär endiklerini artdyrmaklyga giň şertleri döretdi.
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary okuw boýunça merkeziniň möwsümleýin okuwlary tamamlanmagy mynasybetli olara degişli şahatdatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa talyp ýaşlarda diplomatiýanyň we daşary syýasatyň möhüm ugurlary boýunça bilimlerini artdyrmaklyga bolan hyjuwlaryny artdyrdy.
Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.