30/11/-0001
581
Sporta bagyşlanan çäre
2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport güni we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäre geçirildi. Institutyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnalan bu çärä institutyň mugallymlary, talyp ýaşlary we türgenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda Watanymyzyň sport äleminde halkara derejesinde ýeten sepgitleri, sporta we adam saglygyna gönükdirilen başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygy barada buysanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini aýratyn nygtadylar.
Çäre sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäşleşikler bilen gyzgalaňly dowam etdi.
Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.