Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    21/02/2025

    1456

    «TALYP GÖZELI – 2025» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI

    2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, “Halkara zenanlar güni” mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

    “Talyp gözeli–2025” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyp gyzlary çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak’’ ýylynyň joşgunly owazyny talyp gyzlar gözellik bäsleşiginiň esasy şertleri bolan türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryna siňdirip ýerine ýetirdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek we “Hünärim bar – hormatym bar” şygar astynda keşde çekmek ukyplaryny açyp görkezmek boýunça bäsleşdiler.

    Gözellik bäsleşigine gatnaşan talyp gyzlar türkmen halkynyň milli Lideriniň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

    Eminler toparynyň içine Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan gelen wekil hem bolup, bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. “Talyp gözeli – 2025” gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Sülgün Ýaýlymowa baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.


    Güljan SERDAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI