644
ŞÖHRATLY TARYHYŇ SÖHBEDI
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň taryhy şahslarymyzy içgin öwrenmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhy şahslaryna, alymlaryna bagyşlanyp tele-gepleşik ýazgy edildi. Gepleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy T.Paýtykowa, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy J.Pürjäýewa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary G.Atdaýewa, M.Mätgurbanow, G.Gurbansähedow, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary K.Mämmedow, M.Baýrammyradow, A.Resulowa, S.Muhammedowa, A.Mekanowa dagylar çykyş etdiler.
Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler Beýik Seljuk türkmen döwletiniň döwründe ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ýokary derejede bolandygy hakynda belläp geçdiler. Şeýle hem Beýik Seljuk türkmen döwletiniň parahatçylyk syýasatyny alyp barandygy, olaryň öz ýurdunyň çäginiň ýaşaýan halklara hemmetaraplaýyn goldaw berendigi hakynda söhbet edildi. Çykyşlarda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň hökümdarlary, şol döwürlerde ýaşap geçen Mäne baba, Omar Haýýam, Mahmyt Zamahşary, Mahmyt Kaşgarly ýaly belli şahsyýetler hakynda gürrüň edildi. Seljuklar döwründe küşt oýnunyň uly meşhurlyga eýe bolandygy hem aýratyn bellenilip geçildi. Çykyşlaryň ahyrynda şöhratly taryhymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda uly tagallalary edýän milli Liderimize alkyş sözleri aýdyldy.
Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.