23/12/2024
233
TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI OKUW SAPAGYNY GEÇIRDI
2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň
diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Öňüni alyş
diplomatiýasy” ugry boýunça okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow alyp bardy. Sapaga
institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
Ilçi okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň
arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara guramalarynyň çäklerindäki
hyzmatdaşlyk, Awstriýanyň diplomatiýasynyň, has takygy, diplomatik gullugynyň,
protokolynyň, etiketiniň aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Okuw sapagy talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan
sowallaryna jogap aldylar.
Bagtygül AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.